A review by ortanjy
Metaphysics of Love by Arthur Schopenhauer

3.0

Arada, narpyzly sousda bişirilen goýun etli bir nahar iýipdim, duzuň ýerine şeker goşupdyrlar. Et bar, narpyz bar, zeýtun ýagy bar -- bary gowy gidip dur welin, bir şeker bozýa keýpi.

Bu kitapda hem şolar ýaly ýagdaý bar. Hemme zat gülala-güllük gowja gidip dur welin, tebigata berýän roly keýpiňi gaçyrýar.

Meň pikirimçe Şopenhoýer hudaýa ynanasy gelýä, ýöne, ylmy intelligensiýadan bolansoň ynanmaga çekinip tebigaty hudaýlaşdyrýana meňzeýär.

Göýä jynsy gatnaşyk bütinleý tebigatyň islemegi netijesinde bolýar... Ýalňyş zatlar -- meselem homoseksualizm tebigatyň «gynanyp göz ýumýan» ýalňyşlygy... Tebigat «gynanýarmyş»...